Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019: ertir 19-njy tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

17:3220.09.2019
0
1297
TÝL ― 2019: ertir 19-njy tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

Ertir ― 21-nji sentýabrda Aşgabat, Mary hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde geçiriljek duşuşyklar bilen Türkmenistanyň futbol  çempionatynyň Ýokary ligasynda 19-njy tapgyra badalga berler. Tapgyryň ilkinji gününde «Şagadam» «Ahaly», «Köpetdag» «Aşgabady», «Energetik» bolsa «Nebitçini» kabul eder. Tapgyr 22-nji sentýabrda geçiriljek «Merw» ― «Altyn asyr» duşuşygy bilen tamamlanar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri:

21.09.2019 ý. (şenbe)

“Şagadam” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Jumaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

 “Köpetdag” – “Aşgabat”

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:30

Duşuşygyň emini: T.Ereşow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

 

 “Energetik” – “Nebitçi”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M. Saparow (Mary ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

 

22.09.2019 ý. (ýekşenbe)

 “Merw” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 16:30

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: M.Işmuhammedow (Aşgabat ş.)

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň