Soňky habarlar

Arhiw

“Nusaý” myhmanhanasynyň ady üýtgediler

14:4610.09.2019
0
11844

Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy sentýabrda  Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hasabat bilen çykyş etdi.  

Häkimiň hasabatyny diňläp, döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň çäklerinde bar bolan desgalar, olaryň atlandyrylyşy bilen baglanyşykly meselä ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, paýtagtyň merkezi künjeginde ýerleşýän “Nusaý” myhmanhanasynyň adyny üýtgedip, oňa täze at dakmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy – diýip, TDH habar berýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, dünýä taryhynda öçmejek yz goýan Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý şäheriniň hormatyna täze ýokary derejeli myhmanhananyň gurluşygy wajyp bolup durýar. Täze myhmanhananyň binagärlik çözgüdinde hem-de bezeg aýratynlyklarynda türkmen halkynyň şöhratly taryhy öz beýanyny tapmalydyr.

“Nusaý” diýlip atlandyryljak täze myhmanhana türkmen halkynyň taryhda bitiren işlerine hormatyň nyşany hökmünde Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen   sazlaşygy emele getirmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň