Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe: «Koreýa bilen boljak duşuşykda biz her bir mümkinçilikden dürs peýdalanmaga borçly»

22:4709.09.2019
0
8974

Şu gün «Arçabil» myhmanhanasynda Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň Türkmenistan ― Koreýa Respublikasy duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda ýurdumyzyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

― Ilki bilen, sizi we siziň üstüňiz bilen Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna şowly başlangyç bilen gutlaýarys! Ýöne ertir size Koreýa Respublikasy ýaly örän güýçli garşydaş garaşýar. Bu duşuşyk barada öňünden näme aýdyp bolar?

― Köp sag boluň! Ertir duşuşygy men hem örän alada edýärin, çünki biz Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biriniň garşysyna oýnarys.

― Nähili netijä garaşýarsyňyz?

― Netije barada belli bir zat aýtmak juda kyn. Biz öz meýdanymyzda, öz janköýerlerimiziň arasynda gowy oýny orta goýmagy isleýäris. Duşuşykda nähili oýnamalydygy barada bir pikirimiz bar, garşydaşa basyş bilen oýnamaga synanyşarys. Göreliň, bu başardarmyka?

― Deňlik siziň üçin gowy netije bolup bilermi?

― Elbetde! Ýaňy hem aýdyşymyz ýaly, biz Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biriniň garşysyna oýnaýarys.

― Taryhda şeýle ýagdaýlar boldy, reýtingde aşaky orunlardaky bir ýygyndy kalbyndaky ruhy basyşy ýeňip, güýçli ýygyndydan üstün çykyp bildi. Ertir biziň futbolçylarymyz özlerine juda uly synagyň garaşýandygyna oňat düşünýän bolsa gerek.

― Hawa, taryhda garaşylmadyk netijeler bilen tamamlanan duşuşyklar köp. Biz iň gowusyny orta goýmaga çalşarys. Biziň ýygyndymyzy Koreýanyň garşysyna ruhubelentlik we uly ynam bilen çykýar. Gowy toparymyz bar, ertir bolsa futbolçylarymyzdan has gowy oýna garaşýarys. Başardarmy, göreris.

― Diýmek, futbolçylarymyzyň meýdanda iň soňky güýjüne çenli görejegine ynanyp bilerismi?

― Elbetde!

― Koreýanyň baş tälimçisi toparçada özleriniň esasy garşydaşynyň Türkmenistandygyny aýtdy.

― Bu sözleri üçin jenap Bentua hoşallyk bildirýärin! Bu sözler biziň ýygyndymyzy ertir has ynamly oýnamaga ruhlandyrar.

― Koreýanyň ýygyndysynyň goragçysy Gruziýa bilen bolan ýoldaşlyk duşuşygynda taktikany üýtgedendiklerini aýtdy. Muňa siz nähili baha berýärsiňiz?

― Men Koreýanyň ýygyndysynyň soňky bäş duşuşygyna tomaşa etdim. Meniň pikirimçe, biz olaryň oýun uslybyna oňat düşündik. Netijesini ertirki duşuşykda göreris.

― Baş tälimçi hökmünde sizi haýsydyr bir ýagdaý biynjalyk edýärmi?

― Koreýanyň düzüminde Angliýanyň Premýer-ligasynyň hem iň güýçli futbolçylarynyň biri bolan Son Hyn Min bar. Ondan ähli zada garaşyp bolar. Hut, şol futbolçy ýekeje pursatda ýekeje urgusy ýa-da ýekeje hereketi bilen tutuş duşuşygy üýtgedip biler. Ol biziň üçin iň howply oýunçy. Ýöne, elbetde, biz hiç kimden we hiç zatdan ýaýdanmaýarys.

― Şri-Lanka bilen bolan duşuşykda janköýerlerimiz uly hasaply ýeňşe garaşdylar. Derwezä bolsa bary-ýogy iki pökgi geçirildi. Uly hasabyň bolmandygyny näme bilen düşündirip bolar?

― Meniň üçin esasy zat garşydaşyň jerime meýdançasynda howply pursatlary kän döredip bilmegimiz. Biz 5-6 pökgä çenli geçirip bilerdik. Indiki duşuşygymyzda bolsa ondan hem gowy oýnarys diýip tama edýärin. Ertir kyn duşuşyk bolar, Şri-Lanka bilen bolan oýundaky ýaly köp mümkinçiligimiz hem bolmaz. Belki, Aziýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň biriniň garşysyna howply pursatlaryň birki sanysyny döredip bileris. Biz şol mümkinçilikleriň her birinde ýerlikli peýdalanmaga borçly.

― Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy bilen 2008-nji ýylda hem duşuşdy. Şol ýygyndymyzda Artur Geworkýan hem bardy. Ol häzir hem milli ýygyndyda. Ýöne Şri-Lanka bilen bolan duşuşykda Artury diňe duşuşygyň ahyrynda meýdana goýberdiňiz. Ertir biz ony esasy düzümde görüp bilerismi?

― Men esasy düzüm baradaky netijä ertir duşuşygyň öň ýanynda gelerin. Milli ýygyndymyzyň 23 futbolçysy hem oýna taýýar.

― Şri-Lanka garşy geçirilen duşuşykda Ýagşyýew bilen Geworkýany ätiýaçda saklamagyňyzyň sebäbi näme? Olar duşuşyga heniz dolly taýýar däldilermi?

― Sebäbi, men baş tälimçi. Kararlar maňa bagly.

― Jenap Mişe, koreý metbugaty Türkmenistan bilen boljak duşuşygyň özleri üçin juda ýeňil geçjekdigini ýazdy. Siz bu barada näme aýtmakçy?

― Men ony kimiň ýazanyny bilemok. Her kimiň öz pikiri bolup biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň