Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda döredijilik, medeniýet we sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy

23:4607.09.2019
0
4567

Aşgabatda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Asylly däbe görä, bu çäre Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýär. Bu bolsa dabaralara özboluşly milli öwüşgin we belent ruh çaýýar. Şeýle dabaralar milli medeniýetimiziň ösüşini, döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan milletimiziň baý ruhy mirasynyň aýawly saklanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatly atlara we “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijileri hökmünde abraýly baýraklara mynasyp bolan döredijilik işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatly atlary dakmak hakyndaky Permany we «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karary okaldy.

Döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, şahyrlar, ýazyjylar, aýdymçylar we sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri nobatma-nobat sahna çykýarlar. Baýraklara mynasyp bolanlar doly derejeli döredijilik işini alyp barmak ugrunda döredilýän oňyn şertler üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda belli aýdymçylaryň, sungat älemine täze gadam basan ýaş ýerine ýetirijileriň, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň gowy tans, folklor-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.

Milli Liderimiziň beýik işlerine bagyşlanan «Aýdym aýdýas, alkyş aýdýas biz Arkadaga!» atly aýdym döredijilik baýramynyň dabaraly jemlenmesine öwrüldi. Bu dabara oňa gatnaşyjylaryň ruhuny göterip, ýurdumyzda parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan tüýs ýürekden hoşallygynyň beýanyna öwrüldi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň