Ermenistan Türkmenistandan gaz almaga hyýallanýar

16:1806.09.2019
0
1245

Ermenistanyň “Verelq” habar saýtynyň berýän maglumatyna görä, Ermenistanyň mejlisindäki maslahatda çykyş eden Ermenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisi Artaşes Tumanýan Eýranyň ýurda goýberjek gazynyň möçberini artydyryp biljekdigini, emma gazyň nyrhynyň amatly däldigini mälim etdi.

«Biznes Türkmenistan» saýtynyň ýazmagyna görä, «Ýöne gaz bilen baglanyşykly başga bir pikir bar. Biz türkmen gazyny alyp, ony eýran gazy bilen çalşyp bileris. Bu gurluş gyzyklanýan degişli taraplar üçin hem bähbitli bolar» diýip, ilçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Ilçiniň pikirine görä, alyş-çalyş gurluşy arkaly türkmen gazy ýurda fiziki ýagdaýda girmän, Eýranyň Mazenderan welaýatyna goýberilse, Ermenistan Eýranyň mawy ýangyjyny serhetden satyn alar.

Şol bir wagtda Russiýanyň gazynyň amatly nyrhdan alynýandygyny agzan Tumanýan nagt töleg edenlerinde-de Eýranyň “mawy altynynyň” özleri üçin gymmat boljagyny nygtady.

Şu ýylyň başyndan bäri Ermenistan Russiýanyň mawy ýangyjynyň müň kubmetrine 165 dollardan töleg edip gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň