Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparyň okuw-türgenleşigine gatnaşdy

05:3106.09.2019
1
13045

5-nji sentýabrda «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparyň okuw-türgenleşigi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy ― diýip, TDH ýazýar.

Milletiň Lideri welosipedde ýörite okuw-türgenleşik meýdançasyna tarap ugrady. Ýolugra döwlet Baştutany döwrebap kämil harby tehnikalary gözden geçirdi. Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyza türkmen alabaýlarynyň we beýleki tohumlardan bolan gulluk itleriniň görkezme çykyşlary görkezildi.

Türkmen serhetçileri döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa gulluk atlarynyň we alabaýlaryň gulluk alyp barýan pursatlaryny, başa-baş söweşiň, sowuk ýaraglary nyşana zyňmagyň usullaryny görkezdiler. Şeýle hem ýaş esgerler at çapmagyň, nyşana ok atmagyň, päsgelçiliklerden geçmegiň we ýaragly dürli taktiki hereketlerdäki ok atmagyň tärlerini ele alandyklaryny iş ýüzünde subut etdiler.

Şeýle hem milli Liderimiz uçarmansyz uçary uçurmagyň we dolandyrmagyň, ýörite hereketleriň aýratynlyklary, olara alpinistleriň gatnaşmaklary, motoulagyň üstünden garşydaşa ok atmak, mergenleriň taýýarlyk derejesini synlady. Bu ýerde atly we pyýada nobatçylyk çalşyk hereketleri, awtoulagda geçen serhet bozujylary saklamagyň netijeleri, serhetçileriň gündelik ulanýan tehniki serişdeleriniň mümkinçilikleri görkezildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti serkerdelere we ýaş esgerlere jogapkärli gulluklarynda üstünlik arzuw etdi hem-de okuw meýdanyndan dikuçarda Garagum sährasynda ýerleşen okuw-türgenleşik meýdanyna tarap ugrady.

Şu günki harby okuw-türgenleşikde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly bilelikdäki toparynyň şahsy düzümi söweşjeň ussatlyklaryny hem-de başarnyklaryny görkezdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite meýdançada ýörite maksatly bilelikdäki bölümleriniň harby gullukçylarynyň görkezme çykyşlaryna syn etdi.

Harby okuw-türgenleşikler tamamlanandan soňra, «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlaryň harby gullukçylary mukaddes kasam etdiler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny goranyş häsiýetli Harby doktrinadan gelip çykýan, öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri mynasyp ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň