Arhiw

Paulu Bentu: «Türkmenistan bilen boljak duşuşyk hakda öňünden bir zat aýtmak kyn»

16:2202.09.2019
0
5470

Şu gün Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryndaky garşydaşy ― Koreýanyň milli ýygyndysy Stambul şäherine geldi. Koreý futbolçylary bu ýerde hepdäniň penşenbe güni Gruziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu duşuşyk Koreýanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyrda Türkmenistan bilen geçirjek duşuşygyna taýýarlygyň möhüm bölegine öwrüler. Türkmenistan ― Koreýa Respublikasy duşuşygy 10-njy sentýabrda Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda geçiriler. Onuň agşam sagat 19-da başlanmagyna garaşylýar.

Bu duşuşyk Koreýa Respublikasynyň saýlama tapgyryň Aziýa bölegindäki ilkinji duşuşygy bolar.

Koreý futbolçylarynyň baş tälimçisi, portugaliýaly hünärmen Paulu Bentu Stambula uçulmazyndan öňürti Inçhonyň halkara howa menzilinde žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

«Yonhap News Agency» neşiriniň pikirine görä, Türkmenistanyň ýygyndysy bilen boljak duşuşyk koreý futbolçylary üçin «meýdandaky keýpine gezelenç» bolar. Koreýanyň ýygyndysy FIFA-nyň sanawynyň 37-nji basgançagynda, Türkmenistan bolsa garşydaşlaryndan 95 basgançak yzda. Ýöne Paulu Bentu duşuşyk barada ynamly gürlemekden saklandy. Onuň pikirine görä, Türkmenistan täze, tejribeli tälimçisi bilen garaşylmadyk oýny orta goýup biler. Neşir horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň 2019-njy ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinde işleýändigini hem ýatlatdy.

«Biz käbir duşuşyklaryň öňünden pikirlerimizi aýdyp bileris, ýöne garşydaşlarymyzyň täze tälimçisiniň ýolbaşçylygynda bize garşy niçik oýnajakdygy barada öňünden bir zat aýtmak kyn. Biz duşuşykda öz hemişelik pelsepämize eýereris we oýun usulymyzy üýtgetmeris. Muny hemişe-de şeýdýäris» diýip, Paulu Bentu Inçhonyň halkara howa menzilinde aýtdy.

Öňümizdäki penşenbe güni milli ýygyndymyz Dünýä çempionaty ― 2022-däki ilkinji duşuşygyny geçirer. Paulu Bentunyň pikirine görä, bu duşuşyk Türkmenistanyň ýygyndysynyň häzirki ýeten derejesi barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň