Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara energetika forumy geçiriler

23:4731.08.2019
0
4204

Türkmenistanda şu ýylyň 12 — 14-nji sentýabrynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Bu barada wise-premýer Ç.Pürçekow 30-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Bu çärelere ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, dürli ýurtlardan kärhanalaryň we işewürleriň 120-ä golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergini we maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen degişli maksatnama taýýarlanyldy.

Halkara sergi we maslahat Türkmenistanda täze hünär baýramçylygynyň ― Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň gününiň bellenilýän günlerine gabat geler.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň