Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi öz diplomatik wezipesini tamamlady

23:2231.08.2019
1
3810

29-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Ž.A.Asanow bilen duşuşyk geçirdi ― diýip, Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär. 

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapynyň adyndan Gazagystanyň Ilçisine özüniň jogapkärli diplomatik wezipesinde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň