Soňky habarlar

Arhiw

Otçular toparlarynyň arasynda ýaryş geçirilýär

14:2630.08.2019
0
620

Mary welaýatynyň Serhetabat, Tagtabazar etraplarynyň uzak öri meýdanlarynyň gül-gülzarlyga, bol ot-çöpe eýe bolmagy dowarlaryň orta semizlikde bolmagyna getirýär.

Gyzgalaňly tomus paslynyň ahyrky aýynda Tagtabazar etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň mallarynyň baş sany 199959-a ýetirildi, şol sanda etrap boýunça 40 sany täze döredilen tokly sürüleri orta semizlikde bakylýar. Işiň gyzgalaňly günlerinde maldarlar «Oty köpüň – maly dok» diýen sözlerden ugur alyp işleýärler. Maldarlar mallar üçin ätiýaçlyk gyş otuny taýýarlamak işlerini iki çalşykda alyp barýarlar.

Maldarlar mallar üçin ätiýaçlyk gyş otunyň 6846 tonnasyny taýýarlamagy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda ot taýýarlaýjy toparlaryň 7-si hereket edýär. Otçular orujy, toplaýjy, kipleýji tehnikalaryň saz we gurat işlemegi üçin wagtdan tygşytly peýdalanýarlar.

Otçular toparlarynyň arasynda ýaryş geçirilýär. Ýaryşda ot taýýarlamak boýunça 3-nji Ýaşlyk, 2-nji Marçak, 4-nji Azatlyk bölümleri öňde barýarlar. 3-nji Ýaşlyk bölüminden Öwezgeldi Hajygurbanow, 2-nji Marçak bölüminden Begendik Seýitnyýazow, Döwlet Ýagşymyradow, 4-nji Azatlyk bölüminden Akmämmet Aşyrow, Baýramgeldi Gurbanow we beýleki orujy, toplaýjy, kipleýji tehnikalaryň sürüjileri ýaryşda öňde barýarlar. Ýeňijiler TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen höweslendirilýär.

Gündelik taýýarlanylan ot bedeleri mallaryň gyşladylmaly ýerlerine eltilip, küde basylýar. Täze ot küdeleriniň töwereginde ýangyn howpsuzlygyny döretmek üçin daş-töweregi sürlüp, tekizlenilýär. Etrabyň öri meýdanlarynda mallar üçin ätiýaçlyk meýdan otuny taýýarlamak işleri häzir hem depginli dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň