Singapuryň DIM: «Türkmenistan we Singapur dostluk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýar»

17:0729.08.2019
0
913

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet sapary ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat üçin beýannamasynda giň orun tapdy. Beýannamada iki ýurduň Prezidentleriniň iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklandyklary hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoluny ara alyp maslahatlaşandyklary aýratyn nygtalýar.

Singapuryň Daşary işler ministrligi, şeýle hem Premýer-ministr Li Sýan Lunuň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Istana» köşgünde geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasynda dürli halkara derejelerde ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny tassyklandyklaryny belleýär. Bu duşuşygyň jemleri boýunça hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda, iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda, şeýle hem wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda — üç ylalaşyga gol çekildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň