Soňky habarlar

Arhiw

Garabekewül şäherinde täze medeniýet öýüniň gurluşygy tamamlandy

22:5922.08.2019
0
1108
Garabekewül şäherinde täze medeniýet öýüniň gurluşygy tamamlandy

Halaç etrabynyň Garabekewül şäherinde täze medeniýet öýüniň gurluşygy doly tamamlandy. Garaşsyzlygyň 28 ýyllyk toýuna açylyp ulanylmaga beriljek medeniýet öýüni «Kämilýol» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Ulanylmaga beriljek medeni ojak şu günler enjamlaşdyrylýar.

Täze medeniýet öýi 2019-2025-nji ýyllary öz içine alýan Prezident maksatnamasynyň çägindäki işleriň ilkinjileriniň biridir. 200 tomaşaça niýetlenen medeniýet öýüniň gurluşygyna hususy kärhananyň hünärmenleriniň 70-den gowragy gatnaşdy. Şu hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan şäheriň şu künjeginde polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň edara binasy hem gurlup, ulanylmaga berildi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň