Türkmenistanyň sebitleriniň häkimleri zähmet rugsadyna çykdylar

15:3920.08.2019
0
1250

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly 19-njy awgustda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine şu günden zähmet rugsadynyň berilýändigini belläp, wise-premýer E.Orazgeldiýewe sebitleriň ýolbaşçylarynyň wezipelerini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi welaýat häkimleriniň orunbasarlarynyň üstüne ýüklemegi hem-de olaryň ýerlerdäki işleri bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda beýleki döwlet ýolbaşçylary 15-nji iýul ― 15-nji awgust aralygynda zähmet rugsadyna çykdy. Döwlet Baştutany welaýat häkimlerine möhüm oba hojalyk möwsümleriniň aralygynda dynç berjekdigini aýdypdy. Sebit ýolbaşçylary zähmet rugsadyny ýurduň çägindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň