Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi

20:5508.08.2019
0
5297
Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi diýip, TDH ýazýar.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada düýpli pikir alşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu forum halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebitiň ägirt uly tebigy-serişdeler, ulag-üstaşyr, energetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam etmelidir. Şol kuwwatyň strategik orny bolsa köp babatda nebitiň we gazyň ägirt uly gorlary bilen şertlendirilendir.

Duşuşygyň barşynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow kompaniýa tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada habar berip, energetika ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Işewür bildirilýän uly ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän holdinginiň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny, 2026-njy ýylda bolsa şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meseleleri hem ara alyp maslahatlaşyldy.

Igor Makarowyň belleýşi ýaly, şu gün «ARETI» welosipedleri kireýine bermegiň üç nokadynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Halkara derejeli sport ussady hem-de geçmişde professional türgen hökmünde men Türkmenistanda sporty ösdürmek boýunça geçirilýän giň möçberli işlere gatnaşýandygyma örän şatdyryn diýip, işewür aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň