Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Türkmenistandakky wekiliýeti Aşgabatda maslahat geçirdi

10:5108.08.2019
0
939

Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan okuw maslahaty geçirildi. Ol guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de onuň has howply görnüşleriniň birine — adam söwdasyna garşy göreşmek, adamzat üçin uly alada bolup durýan bu möhüm meseläni çözmek boýunça netijeli gurallary işläp taýýarlamaga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek temasyna bagyşlandy diýip, Döwlet habarlar agentligi ýazýar.

Foruma gatnaşmak üçin Mejlisiň, Adalatçynyň, Adalat, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň mugallymlary çagyryldy.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek meselelerini düzgünleşdirýän binýatlyk halkara resminamalarynyň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär.

Biziň ýurdumyz ynsanperwerligiň, demokratik ösüşiň we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň belent ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezip, bu ugurda Migrasiýa boýunça halkara guramasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Halkara zähmet guramasy we beýlekiler bilen bilelikde netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine mynasyp goşandyny goşýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky konwensiýasyna goşulyp, bu resminamanyň üstüni ýetirýän adam, aýratyn-da, zenanlar we çagalar söwdasynyň öňüni almak, bu jenaýat üçin jeza bermek hakynda teswirnamany hem tassyklady. Resminama esasy halkara guraly bolup, ol hökümetleriň, halkara düzümleriň, edaralaryň, hökümete degişli däl guramalaryň degişli ugurda tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir.

Biziň ýurdumyzda «Adam söwdasyna garşy göreşmek hakynda» hem-de «Migrasiýa hakynda» Kanunlar kabul edildi, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine degişli üýtgetmeler girizildi, kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hukugyň kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär.

Şu ýylyň başynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş üçin ählumumy Gün tertibiniň esasy wezipeleriniň birini — adamyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işini kämilleşdirmek maksadynda Karara gol çekip, onuň düzümini tassyklady.

Milli kanunçylyga gözegçilik etmek hem-de degişli maslahatlary taýýarlamak, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Kanunlary we Düzgünnamalary hakynda ilaty habarly etmek boýunça işleri geçirmek bu toparyň işiniň esasy ugry bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibinde beýan edilen Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan syýasatynyň ugurlarynyň biridir.

Türkmenistany ösdürmegiň ugurlary hem-de DÖM babatda ýurdumyzyň esasy gazananlary 2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen ýokary derejeli syýasy forumda tanyşdyrylan Meýletin Milli synynda beýan edildi. Şol forum «Adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de ählumumy gurşawy we deňligi üpjün etmek» diýlip atlandyryldy.

BMG-niň agentlikleriniň, ylmy toparlaryň, işewürligiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda düzüminde ýurdumyzyň döwlet edaralary bolan Pudagara iş topary tarapyndan maksatlaryň 17-si boýunça geňeşmeler geçirildi, DÖM-niň milli ugry boýunça wezipeleriň we görkezijileriň seljermesi geçirildi.

Şeýle hem milli maksatnamalarda, strategiýalarda, meýilnamalarda DÖM-ni beýan etmegiň derejesine baha berildi, ol DÖM-niň wezipeleriniň 84 göteriminiň ýurdumyzyň döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapandygyny görkezdi.

Türkmenistan demokratik jemgyýeti gurmak üçin şertleriň döredilmegine aýratyn üns berýär, ol adamyň binýatlyk azatlyklaryny üpjün etmek maksadynda hukugyň hökmürowanlygyna esaslanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde Zenanlaryň hukuklary we mümkinçilikleri artýar. Aýallaryň we gyzlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna hemmetaraplaýyn gatnaşmagy we mümkinçilikleriniň barabarlygy üpjün edilýär.

Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy amala aşyrylyp, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanyldy. Adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň edarasy döredilip, Adam hukuklary babatda hereketleriň milli meýilnamasy we bu ugurda beýleki birnäçe möhüm maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Okuw maslahatynyň dowamynda abraýly guramalary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da berkitmegiň we ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. Şol gatnaşyklaryň çäklerinde daşary ýurtly bilermenler ýurdumyzda adam hukuklaryny goramak babatda milli hasabatlary, synlary taýýarlamak hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmek meseleleri boýunça duşuşyklary we geňeşmeleri geçirýärler.

Şeýle hem okuw maslahatynyň çäklerinde okuw edaralarynyň mugallymlary we talyplary üçin okuw gollanmasynyň tanyşdyryş çäresi guraldy. Ol «Merkezi Aziýada adam söwdasyna garşy göreşiň güýçlendirilmegi we ejiz migrantlaryň goragy sebit we global wehimlerine jogap» atly taslamanyň çäklerinde Migrasiýa boýunça halkara gurama tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň