Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

23:3807.08.2019
0
17565

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýylyň geçen ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi diýip, TDH ýazýar.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi babatda harby düzümleriň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler;

içeri işler ministri I. Mulikow geçen ýedi aýda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak we hukuk düzgün bozulmalarynyň, awtoýollarda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan çäreler;

goranmak ministri B.Gündogdyýew ýanwar — iýul aýlarynda Milli goşunyň harby bölümleriniň alyp baran işleriniň netijeleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem türkmen döwletiniň goranyş ukyplylygyny has-da pugtalandyrmaga, esgerleriň hem-de serkerdeleriň gulluk etmegi we durmuşy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen giň gerimli harby özgertmäniň durmuşa geçirilişiniň barşy;

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew 2019-njy ýylyň geçen döwründe milli kazyýet ulgamyny özgertmek hem-de işlere garalanda kanunyň ähli zatdan ileri tutulmagyny üpjün etmek, edaranyň işgärler düzümini pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler;

Baş prokuror B.Atdaýew şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça durmuşa geçirilen işler;

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ähli döwletler bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan ata Watanymyzyň suw hem-de guryýer serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreler;

Şeýle hem adalat ministri B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleri hem-de ilata kabul edilýän kanunçylyk resminamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler;

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyza daşary ýurtly myhmanlaryň gelmegini ýönekeýleşdirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdiler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki meselelere hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň