Soňky habarlar

Arhiw

Said Seýidow "Aşgabat" futbol klubynyň baş tälimçiis wezipesine bellenildi

21:4006.08.2019
0
11916

Belli tälimçi Said Seýidow "Aşgabat" futbol klubynyň baş tälimçisi wezipesinde işläp başlady diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. Ol toparyň ozalky baş tälimçisi Amangylyç Koçumowyň ornuna geldi.

Mälim bolşy ýaly, Said Seýidow 2015-2019-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň "Köpetdag" futbol klubynyň baş tälimçiis wezipesinde işledi. Topar bilen işlän ilkinji ýylynda Birinji liganyň çempiony bolan tälimçi şägirtleri bilen Ýokary liga çykmaga hukuk gazandy. 2018-nji ýylda onuň ýolbaşçylygyndaky "Köpetdag" Türkmenistanyň futbol kubogyny gazandy. Said Seýidow SSSR-iň sport ussady we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisidir (2004).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň