Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen zyýaratçylary Mekge we Medinä haja ugradylar

10:3504.08.2019
0
16023

Türkmen zyýaratçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.

«Boing-737-800» kysymly uçar watandaşlarymyzyň — ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň wekilleriniň 160-syny üstüne alyp, Käbä tarap ugur aldy. Olar musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň sahawatly günleri bütin dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, Mekgede hem-de Medinede haj parzyny berjaý ederler.

Paýtagtymyzda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Medinede zyýaratçylar Muhammet Pygamberiň, onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, dünýä belli metjitlere we beýleki mukaddes ýerlere zyýarat ederler. Bu ýerde olar haj parzynyň berjaý ediljek ýeri bolan Mekgede Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly musulman dünýäsiniň baş mukaddesliklerine baryp togap ederler, mukaddes Käbäniň daşyndan aýlanarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň