Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan soňky bir aýda ikinji gezek Owganystana ynsanperwerlik goluny uzadýar

23:5121.07.2019
0
12835

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi hökmünde resminamada bellenilen önümleri muzdsuz bermek tabşyryldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan soňky bir aýyň içinde ikinji gezek goňşy Owganystan döwletine ynsanperwerlik kömegini ugradýar. Ýakynda ekologiýa taýdan arassa benzin hem goňşy döwlete ynsanperwerlik kömegi hökmünde ugradylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň