Wahyt Orazsähedow "Dordoý" bilen Gyrgyz Respublikasynyň kubogyna mynasyp boldy

23:2614.07.2019
0
4598

Gyrgyz Respublikasynyň "Dordoý" futbol topary ýurduň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär. Mälim bolşy ýaly, "Dordoýyň" düzüminde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow hem çykyş edýär.

Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşykda Aleksandr Krestininiň şägirtleri ýurduň iň güýçli toparlarynyň ýene-de biri Oş şäheriniň "Alaýy" bilen duşuşdy. Garşydaşyň meýdanynda - şäherdäki A.Suýumbaýewiň adyny göterýän stadionda geçirilen duşuşyk 2;1 hasabynda "Dordoýyň" ýeňşi bilen tamamlandy. 

Duşuşykda biziň ildeşimiz esasy düzümde meýdana çykyp, gazanylan ýeňşe uly goşant goşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň