Jahankeşdeleriň iň köp pul sarp edýän ýurtlary

13:0511.07.2019
0
2322

Merkezi edarasy Kanadada ýerleşýän “Visual Capitalist” şereketi daşary ýurtly jahankeşdeleriň iň köp pul sarp edýän döwletleriniň sanawyny taýýarlady. Onuň netijelerine görä, 74,7 million syýahatçyny kabul eden ABŞ 210,7 milliard dollar bilen öňdeligi eýeleýär. Ispaniýa baran jahankeşdeleriň sany bir ýylda 81,8 million töweregi bolup, olar 68 milliard dollar sarp edipdirler. Birnäçe ýyldan bäri dünýäniň iň köp jahankeşdesiniň barýan ýurdy bolan Fransiýa sanawda üçünji ýeri eýeläpdir. Bu ýurda 86,9 million syýahatçy baryp, olar 60,7 milliard dollar harçlapdyrlar. Uzak Gündogar ýurdy bolan Taýlanda baran 35,4 million daşary ýurtly 57,5 milliard dollar sarp edipdir. Angilýa 37,6 million syýahatçysyndan 51,2 milliard dollar gazanypdyr. Ilkinji onlugyň soňky bäşligini Italiýa (44,2 milliard dollar), Awstraliýa (41.7 milliard dollar), Germaniýa (39,8 milliard dollar), Hytaý (35,6 milliard dollar) we Ýaponiýa (34,1 milliard dollar) düzýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň