Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Gazprom" bilen "Türkmengaz" 5 ýyllyk şertnama baglaşdy

21:0303.07.2019
0
14312

Russiýanyň "Gazprom" kompaniýasy "Türkmengaz" Döwlet konserninden 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli tebigy gaz satyn almak boýunça 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu barada kompaniýanyň çarşenbe güni ýaýradan resmi beýanatynda aýdylýar diýip, "Biznes Türkmenistan" saýty ýazýar.

Şertnama laýyklykda, Türkmenistandan "Gazproma" ýyllyk 5,5 milliard kubmetre çenli tebigy gaz iberiler.

"Gazprom" kompaniýasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda türkmen gazyny gaýtadan satyn alyp başlady. 15-nji aprel bilen 30-nji iýun aralygy üçin baglaşylan gysga möhletleýin şertnamanyň çäginde 1,2 milliard kubmetr türkmen gazy Russiýa eksport edildi.

Mundan öň Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiý Russiya bilen Türkmenistanyň türkmen gazynyň eksporty boýunça 5 ýyllyk täze şertnama baglaşmagyň mümkinçilikleri barada gepleşik geçirýändiklerini habar beripdi.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurduň gaz gorlary 50 trillion kubmetrden gowrak möçberde bahalandyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň