Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýüpek ýoly baradaky kitaby türk we ukrain dillerine terjime edildi

23:3829.06.2019
0
4341

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk we ukrain dillerinde neşir edilen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Oňa Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, häzirki döwürde Diýarymyzda bolýan daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda milli Liderimiziň bu kitabynyň Türkmenistanyň taryhy tejribä, türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, ruhy mirasa sarpa goýmak däplerine daýanýan häzirki zaman ösüş konsepsiýasyny beýan edýändigi nygtaldy. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji hem-de ikinji kitaplar ýurdumyzda we dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, iňlis, rus we başga-da birnäçe dillere terjime edildi.

Türkmen dilinde çykyş eden Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň(TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusenbaý Kaseinow Türkmenistanyň milli medeniýeti we sungaty ösdürmek babatda ýeten derejesini kanagatlanma bilen belledi. Bu babatda milletiň baý runy mirasyny öwrenmek, saklamak we artdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa möhüm orun degişlidir.

Dýusenbaý Kaseinow milli Liderimiziň düýpli işiniň wajyp ähmiýeti barada aýdyp, onda adamzadyň ösüşine oňyn täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynyň seljerilýändigini nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň berkemeginde iki doganlyk halkyň medeni hem-de taryhy taýdan ruhy ýakynlygynyň, iki ýurduň özara hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň esasy şertdigini belledi.

Ukrainanyň biziň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly meşhurlyga eýedigini belledi. Onuň ukrain diline terjime edilmegi bilen ukrain okyjylaryna türkmen halkynyň gadymy taryhy, baý medeniýeti we ruhy gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň yglan eden «Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärlikleri» taslamasynyň çäklerinde ägirt uly işleri alyp barýandygy bellenildi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikleriň 25-sini Bütindünýä medeni mirasyň sanawyna girizmek teklip edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň