Soňky habarlar

Arhiw

Sport syýahatçylygynda öňdebaryjy

19:3925.06.2019
0
1015

Syýahatçylyk babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri bolan Ispaniýa diňe sport duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin her ýylda 10 milliondan gowrak adam barýandygy mälim edildi. Bu görkeziji köp ýurduň umumy syýahatçylaryndan hem köp. Kataloniýa açyk uniwersiteti (UOC) tarapyndan geçirilen barlagda ýurtda sport syýahatçylarynyň sany 2019-njy ýylda artmagyny dowam edýär. Daşary ýurtly myhmanlar, esasan, futbol duşuşyklaryna tomaşa etmek üçin bu ýurda barýarlar. Şeýle hem Ispaniýa golf oýnamak üçin barýan syýahatçylaryň sany babatda dünýäde ikinji ýerde durýar. “Golf Business Partners” şereketiniň maglumatnamasyna golf sportunyň ýurduň ykdysadyýetine goşandy 564 million ýewro barabar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň