Archive news

AFK-nyň kubogy: "Altyn asyr" "Dordoýy" ýeňip, toparçada birinji orna çykdy

22:3819.06.2019
0
3665
AFK-nyň kubogy: "Altyn asyr" "Dordoýy" ýeňip, toparçada birinji orna çykdy

Şu gün Aşgabatdaky "Köpetdag" satdionynda Türkmenistanyň çempiony "Altyn asyr" AFK-nyň kubogy - 2019-yň bäşinji tapgyrynyň çäginde Bişkek şäheriniň "Dordoýyny" kabul etdi. Gyrgyz Respublikasynyň 10 gezek çempiony "Dordoýy" 3:1 hasabynda ýeňen "Altyn asyr" toparçanyň ugurdaş duşuşygynda "Istiklolyň" "Hujanddan" (ikisi hem Täjigistan) asgyn gelmegi bilen, toparçada birinji orna çykdy.

Ozaldan hem garaşylyşy ýaly, duşuşyk turuwbaşdan türkmen futbolçylarynyň hüjümleri bilen başlady. Şeýle hüjümleriň biri 23-nji minutda netijesini berdi we "Altyn asyr" Altymyrat Annadurdyýewiň geçiren pökgüsi bilen hasaby açdy. Şeýlelikde, "Altyn asyryň" "7-ligi" yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda 16-njy goluny geçirdi.

Duşuşygyň birinji ýarymy howply pursatara baý bolan hem bolsa, netije üýtgemedi. "Altyn asyr" bir pökgi artykmaçlygy bilen arakesmä çykdy. Ikinji ýarymda myhmanlar töwekgelçilik bilen hüjüm futbolyna üns berdiler. Bu bolsa biziň futbolçylarymyzyň derwezesiniň golaýynda howply pursatlaryň döremegine getirdi. Şeýle pursatlaryň birinde, has takygy, 49-njy minutda düzgüni bozan goragçy Bagtyýar Gürgenow ýaponiýaly eminden sary duýduryş kartyny aldy. Şondan 5 minut soňra emin myhman toparyň goragçysy Aizar Akmatowa-da sary kart berdi.

Duşuşykdaky ilkinji oýunçy çalşygyny 62-nji minutda "Altyn asyr" amala aşyrdy. Meýdanyň merkezinde çykyş eden ýaş oýunçy Welmyrat Ballakowyň ornuna toparyň kapitanlarynyň biri, tejribeli futbolçy Serdar Geldiýew oýna girdi. Bu oýunçy çalşygy bada-bat netijesini berdi diýip bolar. Hut şol minutda myhmanlaryň tejribe meýdançasynda dörän garma-gürmelikde "Dordoýyň" öz futbolçysy, goragçy Azamat Baýmatow pökgini ters ugra gönükdirip, öz derwezesine saldy. Şeýlelikde, duşuşykda hasap "Altyn asyryň" peýdasyna 2:0-a çykdy.

Şondan bir minut soňra duşuşykdaky ilkinji oýunçy çalşygyny geçirip, Islam Şamsiýewiň ornuna Aleksandr Misçenkony oýna goýberen "Dordoýyň" tälimçileri hem, futbolçylary hem töwekgelçiligi has artdyrdylar. Olaryň yzygiderli we okgunly hüjümleri wagtal-wagtal biziň goragçylarymyzy kyn ýagdaýa saldy. 77-nji minutda "Dordoýyň" baş tälimçisi Aleksandr Krestinin türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedowy hem oýundan alyp, onuň ornuna Ernist Batyrkanowy ýaşyl meýdana goýberdi. Şondan bir minut soňra Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew hem bir oýunçy çalşygyny geçirdi. Duşuşykdaky ilkinji pökginiň awtory Altymyrat Annadurdyýew ornuny Selim Nurmyradow bilen çalyşdy.

Biziň ildeşimiziň ornuna oýna giren Ernist Batyrkanow 86-njy minutda hasaby ýygyrdy. Onuň geçiren pökgüsi bilen, stadiondaky äpet monitorda "2:1" diýen ýazgy peýda boldy. Ýöne bu hasap biziň ildeşlerimizi aljyratmady. 87-nji minutda Mekan Aşyrowyň ornuna Begenç Annagurbanowy oýna goýberen Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri şondan iki minut soňra myhman toparyň derwezesinden üçünji pökgini geçirdiler. Bu gezek Myrat Ýagşyýew tapawutlandy. Duşuşyk hut şu hasap bilen hem tamamlandy. Ýöne emin duşuşygyň tamamlanýandygy baradaky jürlewügi çalmanka, has takygy, goşmaça wagtyň 2-nji minudynda myhman toparyň oýunçysy, goragçy Azamat Baýmatowyň sary duýduryş kartyny alandygyny hem aýtmak gerek.

Bäşinji tapgyrdan soňra utugyny 9-a çykaran "Altyn asyr" häzir "D" toparçada birinji orunda. 26-njy iýunda Duşenbede "Istiklol" bilen geçiriljek duşuşykda gazanyljak deňme-deňlik hem biziň ildeşlerimiziň bassyr ikinji ýyl toparçadan çykyp, ýaryşy dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Yklym ýaryşyna 2015-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýän "Altyn asyr" toparçanyň jemleýji duşuşygyna ilkinji gezek şeýle artykmaçlyk bilen gidip görýär. Hatda finala çenli ýetilen geçen möwsümde hem biziň ildeşlrimizi toparçanyň "Istiklol" bilen Täjigistanda geçirilmeli soňky duşuşygynda diňe ýeňiş kanagatlandyrýardy. Olar şol arzyly ýeňşi hem gazanyp, türkmen futbolynyň taryhynda ozal görlüp-eşidilmedik sepgide ýetipdiler.

 Duşuşykdan öňki metbugat maslahatynda sowukganlylyk bilen futbolda her dürli ýagdaýyň bolup biljekdigini aýdan Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerine yklym ýaryşynda mundan beýläk hem üstünlik arzuw edýäris. 

AFK-nyň Kubogy, 5-nji tapgyr, «D» toparçasy, 19-njy iýun:
«ALTYN ASYR» - «Dordoý» - 3:1 (1:0)

Gollar: Altymyrat Annadurdyýew, 23, Azamat Baýmatow (öz derwezesine, 62), Myrat Ýakşiýew, 90 - Ernist Batyrkanow, 86.
Duýduryşlar: Bagtyýar Gürgenow, 49 – Aizar Akmatow, 54, Azamat Baýmatow, 90+2.

«ALTYN ASYR» (Türkmenistan): Mämmet Orazmuhammedow, Zafar Babajanow, Mekan Saparow, Gurbangeldi Batyrow, Bagtyýar Gürgenow, Altymyrat Annadurdyýew (Selim Nurmyradow, 78), Murat Ýakşiýew, Myrat Annýew, Resul Hojaýew, Mekan Aşyrow (Begenç Annagurbenow, 87), Welmyrat Ballakow (Serdar Geldiýew, 62).
«Dordoý» (Gyrgyzystan): Pawel Matýaş, Aizar Akmatow, Azamat Baýmatow (к), Islam Şamşiýew (Aleksandr Mişşenko, 64), Bekjan Sagynbaýew, Muroližon Ahmedow, Jyrgalbek uulu Kaýrat, Farhat Musabekow, Artur Walikaýew, Wahyd Orazsähedow (Ernist Batyrkanow, 77), Mirlan Murzaýew.
Duşuşygyň emini - Ýudai Ýamamota (Ýaponiýa).
Geçirilen ýeri: Aşgabat ş., «Köpetdag» st.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň