Balkanabat şäherinde täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy

10:5911.06.2019
0
1132

Düýn günbatar welaýatyň merkezi Balkanabat şäherinde «Altynnur» dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ahmet Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň öz serişdeleriniň hasabyna ýokary derejede guran bu täze toplumynyň açylyş dabarasynyň şowhuny töweregi gurşap aldy - diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Birbada 300, tutuş günüň dowamynda bolsa müňlerçe çagany kabul edip bilýän toplumda körpeleriň wagtyny şatlyk-şowhunly geçirmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Täze merkeziň içinde dürli oýunlary oýnamak üçin kompýuterler, sport maşklaryny ýerine ýetirmek üçin bölümler, oýnawaç awtoulaglary hem-de otlulary sürüp, aýlanyp görmek üçin ýörite meýdançalar, suwa düşülýän emeli howuz bar. Ýyladyş-sowadyş we elektrik ulgamy özbaşdak bolan merkezde 150 orunlyk çagalar kafesi bolup, onda çagalara dürli görnüşli doňdurmalar, miwe içgileri we süýjülikler hödürlenýär.
Umumy tutýan meýdany 1 gektara barabar bolan bu täze çagalar dynç alyş merkezi daşary ýurtlarda öndürilen iň bir kämil we ygtybarly oýun enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň