Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Finlandiýanyň Hokkeý federasiýalary hyzmatdaşlygy ýola goýar

15:4110.06.2019
0
5272

Finlandiýanyň Hokkeý federasiýasy Türkmenistana hokkeý boýunça tejribe alyşmagy teklip edýär diýlip, «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň wekili Jora Hudaýberdiýewiň pikirine görä, bu hyzmatdaşlyk türkmen hokkeýiniň sportuň bu görnüşi boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine çenli göterilmegine ýardam berer. Häzirki wagtda Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen dört sany hokkeý boýunça döwrebap sport toplumy işleýär. Gazetiň habar bermegine görä, Gökderedäki "Çynar" çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem emeli buz örtükli hokkeý meýdançasy bar.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Slowakiýada geçirilen dünýä çempionaty Finlandiýanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Fin hokkeýçileri ýarym finalda Russiýanyň, finalda bolsa Kanadanyň ýygyndylaryny ýeňdiler. Şeýle güýçli ýygyndynyň wekilçilik edýän federasiýasy bilen hyzmatdaşlyk türkmen hokkeýiniň derejesini ep-esli ýokary göterer.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2020-nji ýylda ýene-de Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynda çykyş eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň