Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň suw diplomatiýasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

23:4105.06.2019
0
8209

5-nji iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw diplomatiýasynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi bilelikde gurady.

Foruma ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tebigaty goraýyş edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, pudaklaýyn düzümleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alym-ekologlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekilleriň sany Türkmenistanyň iri halkara guramalar we ekologiýa babatda ylmy-barlag merkezler bilen gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini äşgär edýär. Maslahata gatnaşýanlaryň hatarynda BMG-niň we onuň düzümleýin bölümleri bolan BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Utgaşdyryjy býurosynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýlekileriň tebigaty goraýyş düzümleriniň hünärmenleri bar.

Maslahatyň dowamynda sebitiň durnukly ösüşi üçin möhüm ugurlar, hususan-da, söwda, ulag, suw serişdelerini dolandyrmak, daşky gurşawy goramak, energetika, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlaryndaky bilelikdäki işiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hyzmatdaşlygyny gowulandyrmagyň, aýratyn-da, serhetüsti çäklerde ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary ýaýratmagyň halkara derejede suw maksatlary boýunça ylalaşyklary gazanmak üçin ähli derejede suw hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça wajyp ugurlardygy nygtaldy.

Şeýle hem maslahatda daşky gurşawy goramakda, ýurduň içinde suw serişdelerini durnukly dolandyrmakda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň möhümdigi bellenildi, Merkezi Aziýanyň suw diplomatiýasynyň daşky gurşawy goramak babatda we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ýüze çykýan esasy meseleler we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde köptaraply institutlaryň hem-de olaryň hyzmatdaşlygynyň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ugurdaş edaralarynyň bilermenleri bu ugurda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler, bu işleri mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi bilen Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň arasynda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Resminama özara gatnaşyklaryň berkidilmegine, döwlet we sebit düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň