Soňky habarlar

Arhiw

Hazar gazynyň Ýewropa iberilmeginiň ähmiýeti ýyl geçdigiçe artar

17:3305.06.2019
0
1414

Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün etmekde Hazar sebitiniň ähmiýeti ýyl geçdigiçe artýar, diýip penşenbe güni Gazy eksport ediji döwletleriň Forumynyň (GEDF) Baş sekretary Ýuriý Sentýurin belledi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.

«Ýewropa ýurtlarynda gazyň çykarylyşynyň pese düşmegi we ýangyjyň beýleki görnüşleriniň peýdalanylmagynyň çäklendirilmegi netijesinde Ýewropa kontinentini tebigy gaz bilen üpjün etmekde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň ähmiýeti artar» - diýip Sentýurin Bakuda geçirilen «Oil and Gas 2019» maslahatynda belledi.

Onuň sözlerine görä, Norwegiýada gazyň çykarylyşy 2040-njy ýylda 50 milliarddan 25 milliard kub metre çenli azalar, şeýle hem Niderlandlarda hem bu görkezijiniň düýpli pese düşmegine garaşylýar.

Çeşme

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň