Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan welosport boýunça iki sany dünýä çempionatyny geçirmäge we UCI-niň sport mekdebini açmaga taýýarlyk görýär

23:5803.06.2019
0
8798

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda sport ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň üçin Türkmenistanda ähli zerur şertler, şol sanda degişli döwrebap köpugurly düzüm döredildi. Igor Makarowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy netijesinde, Türkmenistan sport ýurdy hökmünde ykrar edilip, onuň dünýäde welosiped hereketi boýunça öňde barýandygy guwançly ýagdaýdyr.

Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy degişli güwänama bilen sylaglamak we 2021-nji ýylda Aşgabatda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny bermek hakyndaky çözgüdi, şeýle hem ýurdumyza «Guinness World Records» kompaniýasynyň nobatdaky güwänamasynyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanda 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda şosse welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek işlerine taýýarlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýurdumyzda Welosipedçileriň halkara birleşigi (UCI) bilen bilelikde ýokary derejeli we halkara ýaryşlarynda Watanymyza mynasyp wekilçilik etmäge ukyply türkmen türgenlerini taýýarlamak maksady esasynda ýöriteleşdirilen mekdebi açmak baradaky pikir öňe sürüldi.

Şunuň bilen baglylykda, Igor Makarow «Katýuşa — Türkmenistan» toparyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy ýurdumyzda alyp barýan işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň