Soňky habarlar

Arhiw

Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

11:0103.06.2019
0
8795

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi şu ýylyň 17 - 19-njy iýuny aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçiriljekdigini habar berýär. Iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň nobatdaky miwesine öwrüljek bu wakanyň esasy dabaralary ýurduň paýtagty Tähran şäherinde geçiriler.
Mundan ozal Türkmenistanda we Eýranda iki halkyň Medeniýet günleri birnäçe ýola geçirildi. 2015, 2016 we 2018-nji ýyllarda Aşgabatda we Tähranda geçirilen dabaralarda medeni çäreleriň uly toplumyna orun berildi. Şu aýda Tähranda boljak dabaralara hem Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagyna garaşylýar. Medeniýet günleriniň dowamynda konsertleriň we özara duşuşuyklaryň birnäçesi göz öňünde tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň