1-nji iýunda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy "Aşgabat" köpugurly stadionynda janköýerler we metbugat wekilleri üçin açyk türgenleşik geçirdi. Ozalyndan hem garaşylyşy ýaly, bu türgenleşige türkmen futbolynyň janköýerleriniň we metbugat wekilleriniň köp sanlysy gatnaşdy.
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy häzir horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Janköýerler hem-de metbugat wekilleri üçin açyk türgenleşigi geçirmek baş tälimçiniň başlangyjydyr. Bu türgenleşik arkaly ol janköýerleriň we ýerli medianyň milli ýygyndy bilen arasyny has ýakynlaşdyrmagy maksat edindi. Bu türgenleşiklere Indoneziýanyň we Özbegistanyň çempionatlarynda çykyş edýän ildeşlerimiz Artur Geworkýan bilen Arslanmyrat Amanowyň hem goşulmagy janköýerler üçin has täsirli boldy.
Ýeri gelende aýtsak, milli ýygyndymyzyň 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäginde Aşgabatda meýilleşdirilen türgenleşikleri şol gün tamamlandy. Paýtagtdaky türgenleşiklerden soňra milli ýygyndymyz 3 - 11-nji iýun aralygynda meýilleşdirilen ýygnanyşyk üçin BAE-niň Dubaý şäherine ugrady. Bu ýerde 9-njy iýunda Ugadndanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Aslynda, türkmen futbolçylary 5-nji iýunda Jibutiniň ýygyndysy bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmelidi. Ýöne garşydaşlar tarapyndan bu duşuşyk ýatyryldy. "Turkmenportala" mälim bolşuna görä, şol gün Afrikanyň başga bir wekili - Gananyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin gepleşikler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi:
Orazmuhammedow Mämmet (d), “Altyn Asyr”
Batyrow Gurbangeldi “Altyn Asyr”
Saparow Mekan “Altyn Asyr”
Geldiýew Serdar “Altyn Asyr”
Hojaýew Resul “Altyn Asyr”
Annadurdyýew Altymyrat “Altyn Asyr”
Bagtyýar Gürgenow “Altyn Asyr”
Ylýasow Wezirgeldi “Ahal”
Söýunow Şöhrat “Ahal”
Bäşimow Abdy “Ahal”
Gurbanow Merdan “Ahal”
Aşyrow Gurbanguly “Ahal”
Babaýew Batyr (d) “Ahal”
Beknazarow Mirza “Ahal”
Durdyýew Didar “Ahal”
Annagulyýew Güýçmyrat “Aşgabat”
Seýitmuhammedow Döwletmyrat “Köpetdag”
Diniýew Meýlis “Köpetdag”
Japarow Rahat (d) “Köpetdag”
Magtymow Yhlas “Şagadam”
Orazsähedow Wahyt “Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)
Amanow Arslanmyrat “Lokomotiw” (Özbegistan)
Geworkýan Artur “Persib Bandung” (Indoneziýa)
Seýdiýew Çaryýarguly Toparyň ýolbaşçysy
Ante Mişe Toparyň baş tälimçisi
Sandro Tomiç Toparyň tälimçisi
Belyh Maksim Toparyň tälimçisi
Garaýew Begenç Toparyň tälimçisi.