«Söwda we ulag gatnaşyklarynda ýola goýulmagyň milli gurallary» atly sebitara maslahat öz işine başlady

02:2421.05.2019
0
719

Düýn paýtagtymyzda sebitleýin ykdysady özara gatnaşyklaryň ýolunda «Söwda we ulag gatnaşyklarynda ýola goýulmagyň milli gurallary» ady bilen sebitara maslahat öz işine başlady. Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky mekdebiniň guramagynda geçirilen bu maslahata sebitiň ýurtlarynyň şeýle-de, halkara guramalaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda söwda ykdysady, ulag we aragatnaşyk ulgamlary boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we bu ugurda degişli işleriň alnyp barylmagy barada ähli zerur mümkinçilikleri üpjün edilýändigini nygtadylar. Şeýle-de, maslahatyň dowamynda söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, ulgama öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýanlygyny bellenildi. Sebitleýin ulag we üstaşyr ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegiň barşy sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hukuk esaslary bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Şunlukda ulag we logistika ulgamyndaky gatnaşyklary hyzmatlary giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikler ýerine ýetirmegiň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly türkmenistanda ähli ugurlar şol sanda söwda gatnaşyklary, ulag ulgamy boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ekologiýa işi babatda, hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Maslahatyň dowamynda abraýly halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň wekilleri ýurdumyzda degişli ugurlar boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň