Soňky habarlar

Arhiw

Tebigatyň ajaýyp künjeginde geçirilen şowhunly aýdym-sazly dabara

23:5512.05.2019
0
941

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanyp guralýan dabaralardyr döredijilikli duşuşyklary Ahal welaýatynyň ähli ýerlerinde joşgunly çäreler bilen dowam edýär. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli Ahal welaýaty häkimliginiň, Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň hem-de Ahal welaýat medeniýet bölüminiň guramagynda tebigatyň ajaýyp künjeginde geçirilen şowhunly aýdym-sazly dabara baý many mazmuna eýe boldy. Turuwbaşdan ýokary ruhubelentlige beslenen bu dabarada gelin-gyzlaryň halk döredijilik eserleri bolan läleleri, monjuk atdylary, hüwdileri şeýle-de toý däp-dessurlary bilen bagly aýdymlary ýerine ýetirişleri diýseň täsirli boldy. Bu ýerde zenanlar türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna degişli bolan el işleri ýerine ýetirişleri şeýle-de oglan-gyzlaryň küştdepdi tansy ýerine ýetirişleri hasam gyzykly boldy. Dabaranyň dowamynda bagşy sazandalaryň türkmen halk aýdym-sazlarynyň ýerine ýetirmeklerem çäräniň özboluşlylygyny artdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň