Tatarystanyň öňdebaryjy kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleg bildirýärler

17:0428.04.2019
0
11630

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, «KamAZ» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail Maganow, «UK» KER-Holding» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis Mahýanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Tatarystan Respublikasy hyzmatdaşlykda hem-de bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe topladylar. Şunda biziň ýurdumyzyň hem-de Tatarystanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň — «KamAZ-yň», «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýetleriniň, «Kazanyň dikuçar zawody» açyk paýdarlar jemgyýetleriniň we beýlekileriň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy mysal hökmünde görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda «KamAZ» söwda we okuw-hyzmat merkezi hereket edýär. Bu dünýä belli awtomobil tehnikalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze açylýan mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň, sebitleri senagatlaşdyrmagyň, eksport önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagyň, şol sanda bar bolan uglewodorod we mineral serişdeleri netijeli peýdalanmagyň, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, häzirki zaman ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmegiň hasabyna artdyrmagy ugur edinýän toplumlaýyn maksatnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda diýen ýaly, şol sanda maşyngurluşyk, ýangyç-energetika toplumy, energetika, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagaty ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler döreýär.

Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly ünsüň berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, işewür gatnaşyklary giňeltmäge we munuň üçin Tatarystan Respublikasynda döredilen aýratyn ykdysady zolaklary, senagat we tehnoparklary, inžiniring hem-de ylmy-barlag merkezlerini, nano we IT-tehnologiýalary ulgamynda gazanylanlary, kompozision serişdeleri we robot tehnikalaryny, sebitara logistika merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerini ulanmaga taýýarlygyny tassyklady.

Biziň ýurdumyz amatly geografik we geosyýasy ýagdaýyny nazara almak bilen, ulag ulgamynda — awtomobil, demir ýol, deňiz, raýat awiasiýasy ulgamlarynda iri düzüm taslamalarynyň başyny başlaýar we durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasynda Merkezi Aziýa we Hazar sebitleriniň gyzyklanma bildirýän taraplar üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr merkez hökmünde garaýyş durýar.

Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgam, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklara, ylmy we okuw-bilim merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Türkmenistanda we Tatarystanda ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi gozgaldy. Mundan başga-da, syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegi uludyr.

Taraplaryň geljekde hem ähli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny tassyklamak bilen, Türkmenistanyň hem-de RF-iň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ähmiýetli ornuny bellediler. Nygtalyşy ýaly, şeýle gatnaşyklar özara uzak möhletleýin bähbitlere hem-de netijeli döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategiýasyna doly laýyk gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň