Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Sattel» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

18:2827.04.2019
0
5648

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Sattel» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristof Reýzeni kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada gürrüň edip, işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda pikirlerini aýtdylar. Şol gatnaşyklar milli we dünýä medeniýetiniň mynasyp ykrar edilen özboluşlylygynyň, owadanlygynyň we ýyndamlygynyň ýokary derejesi boýunça ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam berer. «Sattel» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda arassa ganly behişdi bedewleri köpeltmegiň gadymy milli däplerini täzeden dikeltmäge, gorap saklamaga we dowam etmäge, atlaryň bu täsin tohumyny dünýäde giňden wagyz etmäge, atçylyk sportuny ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyzy ajaýyp milli baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady hem-de ýurdumyzyň we halkymyzyň bähbidine alyp barýan köptaraply işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň