Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi

16:2223.04.2019
0
1549

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli «Bedew batly Diýarym — rowaçlygyň Watany» ady bilen paýtagtymyzda döredijilik duşuşygy geçirildi.Gözelligi, arassalygy, özboluşly milli binagärlik gurluşy boýunça Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabat şäherindäki bedew heýkelleriniň ýanynda geçirilen döredijilik duşuşygyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen ýazyjy-şahyrlaryň, artistleriň, aýdymçylaryň uly topary gatnaşdy. Duşuşyk Medeniýet ministrligi, Bilim ministrligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, «Türkmenatlary» döwlet birleşigi tarapyndan guraldy.

Milli Liderimiziň başlangyjydyr tagallalary netijesinde bina edilen milli buýsanjymyz bolan bedewlerimiziň heýkelleriniň ýanynda okalan goşgularda, ýerine ýetirilen aýdymsazlarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýe­ňişlerden-ýe­ňişlere barýan ýurdumyzyň gazanýan täzeden-täze üstünlikleri, ýigidiň iň wepaly hemrasy bolan behişdi bedewlerimiziň owadanlygy, ýyndamlygy giň­den wasp edildi. Säheriň sergin çagynda dag eteklerine gözellik paýlap oturan «Ýanardag» heýkeliniň ýanynda başlan döredijilik duşuşygy soň­ra ahalteke atlarynyň şanyna dikilen beýleki heýkelleriň ýanynda dowam etdirildi. Baharyň şahyrana gözelligi bilen utgaşyp giden bu çäre ýazyjy-şahyrlarymyzyň, aýdymçy-sazandalarymyzyň döredijiliginde türkmeniň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň ýokary derejede orun alandygyny hem görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň