Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenatlary" döwlet birleşigi Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli meýilnama taýýarlady

16:1623.04.2019
0
2658

Her ýylyň aprel aýynyň ahyrky ýekşenbesinde giň­den hem dabaraly bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary derejede taýýarlykly gelmek öň­den gelýän ajaýyp däplerimiziň biridir. Mu­ňa «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan ýörite meýilnamasy bilen tanşanyň­da hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şol meýilnama laýyklykda, iri dabaralara 24-nji aprelde badalga berilýär. Şol gün Köpetdag şaýoluna bezeg berip, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçiriler.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen habarda aýdylyşy ýaly, 25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda sungat ussatlary çykyş ederler. Şu ýerde ýakymly pursatlaryň ýene birini ýatlap geçsek, hasda ýerine düşer. Hormatly Prezidentimiziň gözellikde, ýyndamlykda taýsyz bedewlerimize bagyşlap döreden «Bedew», «Rowaç» atly şygyrlaryna şirin aýdymlar döredilip, olar baýramçylyk günlerinde belentden ýaň­lanar.

Bedew toýunyň tomaşalarynyň ýene biri Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklaryň geçirilmegidir. Şol çapyşyklarda ýe­ňijiler sylaglanylýar. Bu bolsa ýaş nesilde bedew atlarymyza söýgi döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň baş aýratynlyklarynyň biri hem onuň bütin dünýädäki ahalteke bedewiniň muşdaklarynyň, daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýänligidir. Bu gezek hem olar asylly däp boýunça baýramçylygyň arzyly myhmanlary bolarlar hem-de hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ýolbaşçylygynda geçiriljek Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine hem-de Türkmenistanyň Söwdasenagat edarasynyň Sergi zalynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli halkara sergi-ýarmarkasynyň açylyşyna hem-de bu ýerde geçiriljek «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahata gatnaşarlar. Türkmenistanyň Söwdasenagat edarasynyň mejlisler zalynda geçiriljek halkara ylmy maslahat soň­ra öz işini üç bölümde dowam etdirer.

Türkmen bedewiniň milli baýramynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly bäsleşigiň geçirilmegi onuň ähmiýetini has hem artdyrýar. Bu bäsleşigiň geçirilmegi şol bir wagtda biziň tejribeli seýislerimiziň, atşynaslarymyzyň zähmetine hem belent sarpadyr. Türkmeniň şöhratyna şan goşýan behişdi bedewlerimiz gözelligi, ýyndamlygy taýdan bütin dünýäni haýrana goýýar.

Owazasy dünýä dolan ýelden ýüwrük, gözellikde taýsyz bedewlerimiziň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk toplumynda at çapyşyklaryň geçirilmegi baýramçylygyň ajaýyp pursatlaryny özünde jemlär. 28-nji aprelde baýramçylyk mynasybetli geçirilýän at çapyşyklaryň, uzak aralyga atly ýöriş hem-de bedewleriň päsgelçilikden bökmek bäsleşikleriniň ýe­ňijilerine gymmat bahaly baýraklar gowşurylar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň