Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

15:0319.04.2019
0
6729

16-njy aprelde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň türk tarapynyň başlygy Halil Awji bilen duşuşyk geçirildi.

Birleşmäniň başlygy telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw, TSTB-niň agzalarynyň ýeten sepgitleri, olar tarapyndan durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar, şeýle hem, daşary ýurt kärdeşler bilen hyzmatdaşlyk tejribesi hakynda gürrüň berdi.

Öz gezeginde myhman türkmen hususy işewürliginiň ösüş depginleriniň galdyran täsirini beýan etmek bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň dürli pudaklarda, şol sanda, Işewür geňeşiň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda sergileriň, biznes forumlaryň, işewür duşuşyklaryň gurnalmagynyň, şeýle hem, tejribe alyşmak we harytlaryň eksportyny mahabatlandyrmak maksady bilen iki ýurduň iri önümçilik kärhanalarynyň we oba hojalyk toplumlarynyň işi bilen tanyşmagyň netijeliligi bellenilip geçildi.

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mustafa Kapuju we Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň