Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň resmi garşylanyş dabarasy boldy

11:1017.04.2019
0
3373

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagy bilen Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Bu ýerde Prezident Mun Çže Ini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite oturdylan münbere geçýärler.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar, şol wagt top sesleri hem eşidildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler. Koreýanyň Liderini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar. Prezident Mun Çže In ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdanyndan dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Soňra döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni atlylaryň hormat nyzamynyň ugratmagy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguzhan» köşkler toplumyna barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň