Arhiw

"Altyn asyr" bilen "Istiklolyň" ertirki duşuşykdaky lybaslarynyň reňki kesgitlenildi

13:4316.04.2019
0
5260

16-njy aprelde “Olimp” myhmanhanasynyň konferensler zalynda AFK kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda duşuşýan toparlaryň – “Altyn Asyr” bilen “Istiklolyň” resmi wekilleriniň hem-de şu oýna dahylly resmi adamlaryň gatnaşmagynda oýnuň öňýanyndaky ýygnanyşyk geçirildi.

Şeýle-de, ýygnanyşygyň dowamynda ertirki oýunda toparlaryň meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. “Altyn Asyr” topary ýer eýesi hökmünde gök, “Istiklol” topary bolsa gyzyl köýnekçede çykyş eder.

AFK kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň  ikinji tapgyrynda “Altyn Asyr” bilen täjikleriň “Istiklolynyň” arasyndaky duşuşygyň 17-nji aprelde Aşgabat şäheriniň “Köpetdag” stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.  Bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň