Soňky habarlar

Arhiw

Pekinde birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

02:5114.04.2019
0
1368

Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi - diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty ýazýar.

Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebitara özarahereketlerine işjeň gatnaşmak boýunça daşary syýasat ulgamyndaky meýilnamalary we wezipeleri hakyndaky maglumatlar ýetirildi. Has takygy, 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy hakynda giňişleýin beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň