Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" AFK-nyň kubogy - 2019-daky ilkinji duşuşygynda deňme-deň oýnady

21:0003.04.2019
0
9078

Şu gün, 3-nji aprelde Türkmenistanyň çempiony paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň “D” toparçasynyň çäginde birinji tapgyryň duşuşygyny geçirdi.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýänleriniň birinji garşydaşy Gyrgyz Respublikasynyň çempiony Bişkegiň “Dordoýy” boldy. Bişkekdäki Dolen Omurzakowyň adyny göterýän stadionda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. “Altyn Asyryň” düzümindäki ýeke-täk topy Annasähet Annasähedow geçirmegi başardy.

“D” toparçanyň beýleki duşuşygynda täjik toparlarynyň arasyndaky geçirildi – “Istiklol” – “Hojand”. Bu duşuşykda Duşenbe şäheriniň “Istikloly 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Merkezi Zolagyň “D” toparçasynda ikinji tapgyryň duşuşyklary 17-nji aprelde geçirilip, onda “Altyn Asyr” “Istikloly”, “Hojand” bolsa “Dordoýy” kabul eder.

AFK-nyň Kubogy-2019, “D” toparça, 1-nji tapgyr:
“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy) – “Altyn Asyr” (Türkmenistan) - 1:1 (1:0)

Gollar: Wahyd Orazsähedow, 45 – Annasähet Annäsähedow, 85.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň