Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

04:1102.04.2019
0
6511

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, eziz Diýarymyzda şanly seneleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki wagtda paýtagtymyzda alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň etraplaryny abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häkim döwlet Baştutanymyzyň garamagyna paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň taslamalaryny hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny hödürledi. Bellenilişi ýaly, olaryň gurluşygynda häzirki zaman tejribeleri peýdalanylar. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz anyk maslahatlary berip, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň, şäheri ösdürmek boýunça taslamalar taýýarlananda ylmyň gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmelidir, desgalaryň ýerleşjek ýerleri we olaryň binagärlik çözgüdi seljerilmelidir diýip, şäheri ösdürmegiň geljekki taslamalaryny has-da kämilleşdirmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk meselelerine ünsi çekip, häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra welaýat häkimleri ýerlerde gowaça ekişiniň barşy, galla oragyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän çäreler hem-de sebitlerde gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň häzirki tapgyrynyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, gowaça ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz galla oragyna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň ähmiýetine ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýygnalan hasyly saklamak üçin ammarlary möwsüme taýýarlamak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatlarda bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermegi häkimlerden talap etdi.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi;

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri;

6 — 10-njy aprelde Katar Döwletinde geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň 140-njy maslahatyna hem-de Zenan Parlamentarileriniň maslahatyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşjakdygy barada hasabat berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň