Top.Mail.Ru

Ante Mişe: “Men Garri Potter däl, şonuň üçin Türkmenistanyň ýygyndysyny bir günde kämilleşdirmegime garaşmaň”

23:5728.03.2019
0
33824

Mundan birnäçe gün ozal Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň bäş tälimçisi wezipesine bellenen horwatiýaly hünärmen Ante Mişe Turkmenportala ýörite interwýu berdi. Söhbetdeşlik futbol we futzal ýygyndymyzyň täze tälimçileriniň Aşgabatda bolan tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde geçirildi. Söhbetdeşligimize baş tälimçiniň kömekçisi Sandro Tomiç hem gatnaşdy.

― Türkmenistanyň Futbol federasiýasy siziň öňüňizde nähili wezipeleri goýdy?

― Ilkinji maksadymyz diňe bir milli ýygyndynyň däl, tutuş türkmen futbolynyň derejesini ýokary galdyrmak. Häzirki wagtda Türkmenistanda erkekler we zenanlar ýygyndysy, olimpiýa, ýaşlar we ýetginjekler ýygyndylary bar. Milli çempionatda bolsa diňe Ýokary liga hereket edýär. Ikinji dwizion, 15-16, 17-18 we 19-20 ýaşlar boýunça dürli ýaş aralygyndaky çempionatlar heniz ýok. Sandro Tomiç bilen ilkinji maksadymyz şu işleriň göwnejaý ýola goýulmagyny gazanmak. Biz Ýokary ligada “Ahal” bilen “Aşgabadyň” arasyndaky duşuşyga tomaşa etmäge gitdik. “Näme gördüň?” diýiň! “Ahalyň” düzüminde 40 ýaşly oýunçy meýdana girdi. Men bolsa 17ýaşly zehinleri görmek isleýärin. Ýaşlaryň futbolyna üns bermek arkaly ýokary sepgitlere ýetip bolar.

Elbetde, Türkmenistanyň ýygyndysyny dünýä çempionatyna çykarmaga çalşarys. Türkmen futbolçylary dünýä ýaryşyna heniz gatnaşyp görmediler, biz munuň üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys. Aziýada Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Eýran, Katar, BAE ýaly birnäçe güýçli ýygyndylar bar. Biz şolaryň derejesine ýakynlaşmak, şolar bilen deň-derejede oýny orta goýmak isleýäris.

― Milli ýygyndy bilen iş meýilleriňiz nähili? Ýoldaşlyk duşuşyklaryna garaşyp bilerismi?

― 6 ― 10-njy iýun aralygynda FIFA-nyň günleri bolar. Biz şol günlerde ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin garşydaşlarymyzy gözleýäris.

― Olar güýçli garşydaşlar bolarmy?

― Biziň çakylygymyza seslenen ýygyndylar bilen oýnarys. Ilkinji maksadymyz ― öz güýjümizi görmek. Ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny derejesi bizden ýokarrak ýygyndy bilen geçirmegi maksat edinýäris. Şol duşuşykda goragymyzyň mümkinçiliklerine göz ýetirmäge çalşarys. Ikinji garşydaşymyzyň derejesi biziňkä deňräk bolar. Biz ol duşuşykda ähli mümkinçiliklerimizi terezä salyp, saldarlap göreris.

― Beýleki kömekçileriňizi ýerli hünärmenlerden saýlamakçy bolýarsyňyzmy?

― Ýerli hünärmenler bilen söhbetdeşliklere ertir başlarys. Sandro Tomiç ýygyndydaky uly tälimçi bolar. Şol bir wagtyň özünde-de ol derwezeçileri türgenleşdirer.  Mundan başga-da, karýerasyny ýakynda tamamlan ýaş hünärmeni hem derwezeçileriň tälimçiligine çekmek islýäris. Biziň şertnamamyz tamamlanansoň hem ol Sandro Tomiçden öwrenenlerini milli ýygynda berip biler. Tälimçiler düzümimize ýene bir kömekçi, fiziki taýýarlyk boýunça tälimçi we bir zany analitik goşarys. Garaz, analitikden başga-da üç sany ýerli hünärmeni tälimçiler düzümimize goşmak meýlimiz bar.

― Türkmenistanyň milli ýygyndysy bilen işleşmäge razy bolmazdan öňde, gürrüňsiz, Internetden milli ýygyndynyň duşuşyklaryna tomaşa edensiňiz. Türkmen futbolçylarynyň oýny size nähili täsir etdi?

― BAE-de Aziýa kubogy ― 2019-yň çägindäki üç duşuşygyny hem goşsak, milli ýygyndynyň jemi bäş duşuşygyna tomaşa etdik. Singapur, Ýemen bilen bolan duşuşyklary tapyp hem syn berdik. Şonuň üçin ýygyndy we oýunçylar barada käbir maglumatlarymyz bar.

― Türkmenistanyň milli ýygyndysynda dürli ýyllarda Gruziýanyň, Ukrainanyň raýatlary futbol oýnadylar. Belki siz hem horwat oýunçylaryny Türkmenistanyň ýygyndysy üçin oýnamaga yrarsyňyz.

― Milli ýygyndy ― söwda gyzyklanmalarynyň topary däl. Ol şol döwletde ýaşaýan adamlar üçindir. Azerbaýjanda “Karabagyň” düzüminde futbol oýnaýan 27 ýaşly Filip Ozobiç atly oýunçy bar. Meniň bilşime görä, ol Azerbaýjanyň raýatlygyny alyp, Azerbaýjan üçin oýnamak isleýär. Bir oýunçynyň başga bir döwletiň milli ýygyndysyna goşulmak üçin azyndan bäş ýyl şol döwletiň çempionatynda ýokary derejede çykyş etmegi gerek. Diňe şondan soň siziň diýýäniňiz mümkin bolup biler.

― Türkmenistanly janköýerlere nämeleri söz berip bilersiňiz? Milli ýygyndymyz Dünýä kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyrynda siziň ýolbaşçylygyňyzda nähili sepgitlere ýetip biler?

― Ilkinji nobatda janköýerlerden gyzgyn goldawa garaşýarys. Şol bir wagtda bu aýdanlarym metbugata-da degişlidir, bizi goldaň! Kämilleşmek, tejribe toplamak üçin wagt gerek. Türkmenistanyň milli ýygyndysyny gysga wagtda has ýokary derejä galdyrmak üçin meniň elimde Garri Potteriň jadyly taýajygy ýok. Biz diňe köp işlemeli we futbolçylara has ýakyn bolmaly. Ýekşenbe güni “Altyn asyryň” “Dordoý” bilen geçirjek duşuşygyna tomaşa etmek üçin Bişkege ugrajak, “Dordoýda” bir legionerimiz hem oýnaýar. Sandro Tomiç bolsa Aşgabatda galyp, Ýokary liganyň duşuşyklarynda oýunçy synlamagyny dowam eder.

― Milli ýygyndyda dil meselesini nähili çözmekçi bolýarsyňyz? Ýa bir terjimeçiňiz barmy?

― Sandro Tomiç rus dilini suwara bilýär. Belki, kömekçilerimiziň biri iňlis dilini hem gowy bilýändir. Onsoňam, futbolda aragatnaşyk kyn däl, futbolyň içindäki adamlar biri-biri bilen aňsat düşünişip bilýärler. Çünki futbolyň hemmä düşnükli dili bar. Üstesine-de men hem her gün rus diline türgenleşerin. Eger zerurlyk duýulsa, terjimeçiden hem peýdalanarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň