Soňky habarlar

Archive news

Türkmen nebitiniň Hazar ugry

12:2724.03.2019
0
4349
Türkmen nebitiniň Hazar ugry

Geçen hepdede Mahaçgala şäheriniň deňiz söwda portuna «ALAJA» we «HAZAR» nebit daşaýan gämileri geldi. Olaryň her biri Russiýanyň gämi duralgasyna türkmen nebitiniň alty müň tonna golaýyny getirdi.

Ýurdumyzda işleýän kompaniýalaryň, hususan-da  «Dragon Oil» (BAE), Awstriýanyň «Mitro International» («Hazar» konsorsiumy), Italiýanyň «Eni» kompaniýalarynyň Hazaryň deňiz ýalpaklygyndan we kenarýaka zolagyndan, Çelekende we Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşen beýleki ýataklardan çykarýan nebiti Russiýanyň üsti bilen daşary ýurtlara ugradylýar.  Uglewodorod çig maly deňiz tankerlerine Alaja we Ekerem nebit guýujy terminallarynda ýüklenilýär. Ol Mahaçgaladan “Transnebit” kompaniýasynyň magistral turbageçirijileri arkaly Gara deňziň kenarynda ýerleşen Noworossiýsk portuna akdyrylýar, soňra tankerler bilen Ýewropanyň ýurtlaryna we beýleki döwletlere eltilýär.   

Türkmenistanyň deňiz gämileri Mahaçgala ýanwaryň ahyrynda gatnap başladylar. «ALAJA» we «HAZAR» tankerleriniň her-haýsy fewral aýynda üç gatnawy, martda iki gatnawy amala aşyrdylar. Bulardan başga-da, türkmen nebitini Hazar deňzi boýunça Russiýanyň «VF TANKER-21» gämisi daşaýar – esasan, Alaja duralgasyndan amala aşyrýar.     

Portyň ýolbaşçylygynyň maglumatlaryna görä, fewral aýynda Türkmenistandan Russiýanyň turbageçirijileri boýunça nebitiň 80 müň tonna golaýy akdyryldy.  

Deňiz arkaly ýük daşamalarynyň, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň daşalmagynyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda has uly ähmiýete eýe bolýar.    

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň