"Alp Arslan" hususy kärhanasy gapylaryň 100-de gowragyny öndürýär

10:1424.03.2019
0
1549

2016-njy ýylyň aprel aýynda ulanyşa girizilen, öňdebaryjy kärhanalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Täze durmuş» geňeşligindäki «Alp Arslan» hususy kärhanasydyr. Desga üçin «Täze durmuş» geňeşliginiň çäginden 2,5 gektara golaý ýer bölünip berlendir. Onuň esasy önümleri ýaşaýyş jaýlaryna niýetlenen daşky we içki otag gapylary hem-de durmuşda ulanylýan stollar we oturgyçlardyr. Kärhanada 20-ä golaý adam önjeýli zähmet çekýär. Kärhanada önümleriň 100-den gowrak görnüşi öndürilip, müşderileriň giň köpçüligine hödürlenýär. Harytlary öýlere eltip, gurnap bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär. Kärhanada çig mal hökmünde ýerli hoz, garagaç, çynar ýaly agaçlarymyzdan peýdalanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň