Soňky habarlar

Arhiw

«Sabyrly iş» hususy kärhanasynda her aýda polipropilen önümleriniň 450 tonnasy öndürilýär

10:0924.03.2019
0
1056

Ýurdumyzda polipropilen önümlerini öndürip, halkymyza ýetirýän kärhanalaryň biri hem Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Täze durmuş» geňeşligindäki «Sabyrly iş» hususy kärhanasydyr. Kärhanany şertnama esasynda çig mal bilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de «Gadyrly gala» hususy kärhanasy bökdençsiz üpjün edýär. 2015-nji ýyldan bäri polipropilen önümlerini öndürýän kärhanada 30-a golaý adam zähmet çekýär. 2018-nji ýylyň hasabyna 1 million 842 müň manat ýyllyk girdeji gazanan kärhananyň agzybir işgärleri 2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda täze önümleri öndürmegi öňlerinde maksat edip goýýarlar. Kärhana her aýda polipropilen önümleriniň 450 tonnasyny öndürmek arkaly öndürijilik ukybyny kämilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň