Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly kosmonawt älem giňişliginde kärdeşlerini kabul etdi

20:1215.03.2019
0
2720
Türkmenistanly kosmonawt älem giňişliginde kärdeşlerini kabul etdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda doglan kosmonawt Oleg Kononenko amerikaly we kanadaly kärdeşleri bilen "Soyuz MS-12" älem gämisinde kosmosa uçdy. Bu topar häzir älem giňişliginde iş alyp barýar.

Şu gün "Euronews" bu toparyň ýanyna olaryň kärdeşleriniň ýene-de üçüsiniň barandygyny habar berdi. Baýkonur komodromyndan älem giňişligine çykan "Soýuz-FG" älem gämisinde russiýaly kosmonawt Alekseý Owçonin bilen NASA-nyň atronawtlary Heýg we Kristina Koh kosmiki stansiýadaky kärdeşlerine goşuldylar. Topar bu ýerde şu ýylyň oktýabr aýyna çenli bolar. 

Türkmenistanyň "Prezidentiň ýyldyzy" ordeniniň eýesi Oleg Kononenko geçen ýylyň dekabr aýynda älem giňişligine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi" atly kitabyny alyp çykypdy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň