Soňky habarlar

Arhiw

Saýlawlar: dalaşgärleri bellige almak tamamlandy

23:2905.03.2019
0
2243

5-nji martda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna ozal çykyp gidenleriň ornuna dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Onuň dalaşgärleri görkezmek we bellige almak ýaly ilkinji iki tapgyry ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna laýyk derejede geçdi. Ýokary halkara kadalara laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esas döredildi.

Umuman, milli parlamentiň deputatlygyna 7, halk maslahatynyň welaýat derejesindäki agzalygyna 11, onuň etrap we şäher derejesindäki agzalygyna 36, şeýle hem Geňeşleriň agzalygyna 227 dalaşgär görkezildi. Ähli saýlaw okruglarynda bir dalaşgäriň ornuna birnäçe adam hödürlendi.

Ýokarda agzalan guramalaryň düzümlerine görkezilen dalaşgärleriň hatarynda oba zähmetkeşleri, bilim we medeniýet ulgamynyň wekilleri, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ulgamynyň işgärleri, halk hojalygynyň senagat, gurluşyk, aragatnaşyk we beýlekiler ýaly dürli pudaklarynyň işçileri bar. Olaryň köpüsi syýasy partiýalara wekilçilik edýärler. Şeýlelikde, döwlet durmuşyna degişli möhüm wezipeleriň çözgüdine raýatlyk jemgyýetiniň ähli institutlarynyň gatnaşygy üpjün edilýär.

Milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda bellige alnan dalaşgärleriň hemmesine saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

Häzirki döwürde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçýär. 

Şu günki güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan we beýleki jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de raýatlar toparyndan synçylaryň 284-si bellige alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň